“Ýaralanan" ýüregi bejermegiň usuly tapyldy

  • 26.04.2021 04:54
  • 25k+

Monaş uniwersitetiniň awstraliýaly alymlarynyň geçiren barlagy diňe öňüni almaga däl, eýsem, “ýaralanan ýürek” sindromyna sebäp bolýan miokardyň üýtgemelerini yzyna gaýtarmaga ukyply bolan maddany ýüze çykardy. “Ýaralanan ýürek” sindromynyň ylmy ady Takosubo kardiomiopatiýadyr. Bu barada tdnu.ru habar berýär.

Deslapky barlaglar barlaghana syçanlarynda geçirildi. Alymlar suberanilogidroksamik kislota ýa-da SAHA diýlip atlandyrylýan derman serişdesiniň kardiogorag täsirini görkezdiler. Syçanlaryň ýürek saglygy ep-esli gowulaşdy, “ýaralanan ýüregiň” ýagdaýy bolsa yza gaýtaryldy. Bu barlag işiniň çäginde SAHA genleri nyşana almak üçin ulanyldy. Takosubo kardiomiopatiýanyň bu barlagy dünýäde ilkinji hasaplanýar. SAHA häzirki wagtda rak keselini bejermek üçin ulanylýar. Iş hasabaty “Signal Transduction and Targeted Therapy” neşirinde ýerleşdirildi.
Barlagyň awtorlarynyň bellemegine görä, tejribe arkaly ýürekdäki genlere täsir edýän himiki birleşmäni ulanmak bilen öňüni alşyň we bejerişiň täze standarty tapyldy.
“Ýaralanan ýürek” sindromy aýralyk, dawa we beýleki negatiw emosional hadysalar bilen bagly güýçli stresiň esasynda ýüze çykýar. Ol ýüregiň esasy nasosy bolan çep garynjygyň myşsalarynyň gowşamagy bilen häsiýetlendirilýär. Stres gormonlary ýüregiň öýjüklerine we damarlaryna zyýanly täsir edýär, bu bolsa öz gezeginde ýürek kamerasynyň gysylmagyna täsir edip, nasosyň doly işleýşini bozýar. Keseliň dem gysma, aritmiýa, göwüsde yzygiderli agyry tutmalar ýaly alamatlary bar.

düýn 23:18
300

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
280

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.4k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....