Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

  • 26.04.2021 14:46
  • 8.5k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 160-sy hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we awiakerosini, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. 

Mundan başga-da, Owganystanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi, boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 29 million 826 müň dollaryndan gowrak boldy.

Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri 3 million 960 müň manatlyk saryja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, gaplaýyş
plýonkasyny, şeýle hem el halylary, pagta lintini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 48 million 626 müň manatlykdan gowrak boldy.

şu gün 20:57
153

Tramp ABŞ-nyň 66 halkara guramadan çykýandygyny mälim etdi

Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň 66 halkara guramadan we edaradan çykmagy baradaky permana gol çekdi. Administrasiýanyň bellemegine görä, olar «indi ýurduň bähbitlerine laýyk gelmeýär». Bu barada Ak tamyň saýtynda habar berilýär...

şu gün 16:50
4.7k+

Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Gutlag hatynyň tekstini TDH döwlet habarlar agentligi çap etdi. «Rojdestwo we Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun...

şu gün 16:43
2.9k+

Türkmenistanyň Mejlisi möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ýerine saýlawlaryň senesini belledi

2026-njy ýy­lyň 29-njy mar­ty­nda, ýek­şen­be gü­nü­nde we­la­ýat­lar­da tä­ze dö­re­di­len et­rap­lar­da halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den de­pu­tat­la­ry­nyň we we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň hem-de Ge­ňeş­le­riň çy­kyp gi­den ag­za­la­ry­nyň ýe­ri­ne saý­law­la­r geçiriler...

şu gün 16:30
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda welaýatlarda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlar boýunça 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady. Karara laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna...