Antoniu Guterriş dünýäni howanyň üýtgemegine garşy göreşde işjeňlige çagyrdy

  • 25.04.2021 23:20
  • 8.3k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýäni tebigy baýlyklaryň gözegçiliksiz gazylyp alynmagyny we planetanyň atmosferasynyň hapalanmagyny bes etmäge çagyrdy. Bu barada BMG-niň metbugat gullugyna salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berdi.

BMG-niň Baş sekretary adamzadyň planetanyň baýlyklaryny ýerliksiz sarp edýändigini we ekoulgamy zibile öwürýändigini, adamzadyň önümçilik işjeňliginiň netijesinde planetanyň ekoulgamynyň häzirki wagtda gözgyny ýagdaýdadygyny aýtdy.
Şeýle hem BMG-niň ýolbaşçysy howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we planetanyň biodürlüligini goramak boýunça tagallalary güýçlendirmäge çagyrdy. Ol adamzadyň işjeňligini öz janyňa kast etmek bilen deňeşdirdi hem-de tebigat bilen söweşmegi bes etmegiň zerurdygyny belläp geçdi.
Şulary aýtmak bilen, Guterriş planetadaky ortaça temperaturanyň 1,5 gradus ýokarlanmagynyň öňüni almagyň möhümdigini nygtady.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......