Marsdan ilkinji gezek kislorod tapyldy

  • 25.04.2021 23:04
  • 13k+

NASA-nyň “Perseverance” marsohody ýörite ekspedisiýanyň başlanyna iki aý geçensoň şu wagta çenli başarmadyk zadyny edip bildi: ol planetanyň 96 göterimi suwdan ybarat bolan atmosferasyndan kislorod bölüp aldy. Bu barada NASA-nyň metbugat gullugyna salgylanyp, tsn.ua habar berdi.

Häzirlikçe diňe 5,5 gram kislorod almak başartdy. Munuň özi kosmonawtyň planetadaky kosmos gämisinden daşarda 10 minut saklanyp bilmegi üçin ýeterlikdir. NASA munuň heniz diňe başlangyçdygyny, sebäbi olar Marsyň atmosferasyndan kislorod almagy öwrenseler, ir-u-giç ilkinji uçuşyň mümkin boljakdygyny aýdýar.

"Şeýle enjamlar bir gün kosmonawtlary dem alyp bolýan howa bilen üpjün edip biler"-diýip, kosmos gullugy nygtaýar.

Şeýle hem Marsda howanyň geljekde beýleki planetalarda ýörite missiýalarda ulanylmagy meýilleşdirilýän “Moxie” mehanizminiň kömegi bilen alnandygy bellendi.

düýn 23:18
395

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
317

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.4k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....