Dünýäde COVID ýokuşmalarynyň hepdelik rekordy goýuldy

  • 25.04.2021 20:00
  • 23k+

Dünýäde kowid bilen kesellemek boýunça rekordlar täzelenýär. Diňe soňky bir hepdäniň dowamynda Ýer ýüzünde 5,7 milliondan gowrak adamda koronawirus keseli ýüze çykaryldy. Munuň özi pandemiýa başlany bäri iň uly hepdelik görkezijidir diýip, TASS habar berýär.

Öňki iň ýokary hepdelik görkeziji 5,36 million ýokuşma bolup, ol geçen ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda ýüze çykypdy.
Häzirki wagtda kowid bilen bagly iň kyn ýagdaý her gün diýen ýaly täze anti-rekordlar goýulýan Hindistana degişli bolmagynda galýar. Bu ýurtda her günki ýokaşmalaryň sanynyň köpelmegi 300 müňden gowrak bolup, munça agrama döz gelmek hassahanalara kyn düşýär.
Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda dünýäde bir milliard töweregi adam COVID-19 sanjymynyň azyndan bir dozasyny aldy diýip, çeşme belläp geçýär. 

düýn 17:46
1.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.8k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.8k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......