Silwester Stallone “Rocky 4”-iň režissýorlyk wersiýasynyň çykjakdygyny habar berdi

  • 25.04.2021 11:02
  • 6.7k+

Holliwudyň meşhur aktýory, prodýuser we ssenarist Silwester Stallone “Rocky 4” sport dramasynyň režissýorlyk wersiýasynyň çykjakdygyny mälim etdi. Film özüniň “Instagram” sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda başgaça, ýagny "Rokki Drago garşy" diýlip atlandyrylar. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Mundan başga-da, dramanyň surata düşürilişi barada “film hakda film” formatynda dokumental film hem taýýarlandy.
Stallone premýeranyň takyk senesi hakynda aýtmady. Ýöne ol geçen ýyl öz nusgawy filmlerinden birini täzeden işlemekçi bolýandygyny mälim edipdi. Dogrusy, filmiň täze görnüşiniň 2020-nji ýylyň noýabr aýynda - onuň asyl nusgasynyň ýubileýine gabatlap çykarylmagyna garaşylypdy. Ýöne režissýorlyk eserini döretmek boýunça ähli işleri wagtynda gutarmak oňa başartmady.
Boksçy Rokki Balboa baradaky franşizanyň Silwester Stallone üçin esasy işleriň biridigini bellemek gerek, sebäbi bu film oňa kino älemine ýol açypdy.
“Rocky 4” filminiň asyl nusgasy 1985-nji ýylda çykdy. Onda amerikaly boksçy Rokki Balboa bilen sowet türgeni Iwan Dragonyň arasyndaky gapma-garşylyk hakda gürrüň berilýär. Dragonyň roluny şol döwürde heniz kän meşhur bolup ýetişmedik Dolf Lundgren ýerine ýetirdi. Bu film tutuş franşizanyň iň üstünlikli bölegine öwrüldi, sebäbi ol 30 million dollar býujet bilen dünýä kassa ýygymynda 300 million dollar gazandy.

şu gün 17:28
435

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

şu gün 16:08
812

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

şu gün 14:43
776

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......

şu gün 11:08
1.7k+

Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней») diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim......