Haýsy endikler uklamaga päsgel berýär?

  • 22.04.2021 16:24
  • 34k+

Russiýaly lukman we tele alyp baryjysy Aleksandr Mýasnikow ukusyzlyga sebäp bolup biljek nädogry endikler hakynda belläp geçdi. Bu barada ol "Russiýa 1"-iň efirinde gürrüň berdi diýip, Sputnik gullugy habar berdi.

Mýasnikow ilkinji nobatda her gezek gije oýananyňyzda sagada seretmek endiginden ýüz öwürmegi maslahat berdi.

"Sagada seredersiň (sagatlaryň aglabasy garaňkyda ýagty saçýar) we: "Gör-le, ýene iki sagatdan turmaly" diýip pikir edersiň" diýip, lukman belleýär.

Ukynyň wagtyny sazlaň
Hünärmen, hepdäniň haýsy günüdigine garamazdan, şol bir wagtda ýatmaga we oýanmaga çalyşmagy maslahat berýär. Hatda dynç alýan günüňiz bolsa-da, endikli bioritmiňizi saklajak bolmaly.

"On birde ýatýaň - ýedide turýaň. Sagat onda ýatýaň - altyda turýaň. Bolany. Agşam giç ýatanam bolsaň, wagtynda turmaly, gündizine we irden ýatmaly däl: öňkiň ýaly, ýedide oýanmaly "-diýip, Mýasnikow düşündirdi.

Gündiz uklamak näme üçin zyýanly?
Eger-de siz gije uklap bilmeýän bolsaňyz, gündizine ukyňyz gelýän bolsa we birki sagatjyk ymyzganmak kararyna gelseňiz, onda gije uklap bilmersiňiz diýip, lukman nygtaýar. Onuň bellemegine görä, gündizki uky zyýanly.

Uklap bilmeýän bolsaň näme etmeli?
Lukman 20 minudyň içinde uklap bilmeýänlere birnäçe maslahatlary berdi. Özüňizde ukusyzlyk duýsaňyz, "düşekden turmaly, gezmelemeli we rahatlanmaly" diýip, lukman maslahat berýär.

düýn 23:14
5.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....