Kanadaly aýdymçy iň pes notany almak bilen dünýä rekordyny goýdy

  • 21.04.2021 10:03
  • 10k+

Kanadaly aýdymçy Joý Çepmen zenanlaryň arasynda iň pes notany (fortepianoda C1) aldy. Onuň goýan rekordy Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy diýip, news.mail.ru habar berýär.

Çepmeniň žurnalistlere aýdyşy ýaly, ony dünýä rekordyny täzelemek üçin synanyşmaga ýegeni yrypdyr. Ol öňki rekord eýesiniň diňe D2-ni (fortepianoda C1-den öňde gelýär) alandygyny we Joýa garanda az täsirli wokal diapazonynyň bardygyny aýdypdyr.
Rekord üçin taýýarlanmaga aýdymçy tas bir ýyl sarp etdi, ýöne bu netijäni hem berdi. Çepmen has pes ses (şonuň üçin käwagtlar erkek ses böleklerini hem ýerine ýetirýär), şeýle-de ýeterlik derejede belent ses bilen aýdyp biljekdigini belledi.

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
967

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......