Xiaomi bir minutda 35 müňden gowrak Mi Mix Fold smartfonyny satdy

  • 20.04.2021 16:33
  • 8.1k+

Ýakynda Xiaomi kompaniýasy 2021-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda anons edilen eplenýän Xiaomi Mi Mix Fold flagman smartfonunyň resmi satuwyna başlady. Gajet bazarda çalt meşhurlyk gazandy diýip, sm.news habar berýär.

Ýakynda Xiaomi satuw hasabatyny neşir etdi we netijede, kompaniýanyň bir minutda 35 müň Mix Fold smartfonuny satandygy we 60 mln dollardan gowrak gazanandygy belli boldy. 
Ýatlap geçsek, gurluş paneli zeper ýetmekden goraýan, korpusyň içine eplenýän AMOLED ekrany bilen üpjün edilendir. Ekranyň ululygy 8,01 dýuým, ölçegi – 2480 x 1860 piksel.
Açylan ýagdaýynda gajet kiçiräk planşete öwrülýär, ýygnalanda adaty smartfon görnüşine gelýär. Enjam platformasy 8 ýadroly Qualcomm Snapdragon 888 prosessoryna esaslanýar. Smartfon 67-Wt çalt zarýad bermegi göterýän 5020 mA/sag sygymly akkumulýator batareýasyna we esasy 108 MP sensor, 13 MP ultra giň burçly modul bolan we 3 esse optika hem-de 30 esse sanly zum bilen 8 MP datçikli üç komponentli kamera eýe.
Belläp geçsek, Xiaomi Mix Fold – bu fokus aralygyny üýtgetmäge mümkinçilik berýän suwuk linzaly ilkinji smartfon.

düýn 23:22
340

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......