Toyota täze elektromobilleri üçin at tapdy

  • 18.04.2021 14:32
  • 16k+

Ýapon awtoulag öndürijisi Toyota “Beyond Zero” maksatnamasynyň çäklerinde awtoulaglarynyň nähili atlandyryljakdygyny kesgitledi. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, "BZ4X", şeýle hem "BZ1", "BZ2", "BZ2X", "BZ3", "BZ4" we "BZ5" diýen ýaly atlar bilen birnäçe modeliň peýda boljakdygy bellenilýär.
Şeýlelikde, bu başlangyç boýunça döredilen ilkinji elektrikli awtoulag 19-njy aprelde geçiriljek Şanhaý awtoulag sergisinde köpçülige hödürlener. Bu - ýokarda hem agzalyp geçilen "BZ4X" modeli bolar. Ondaky "X" harpynyň awtoulagyň krossowerdigini, 4-lik belginiň bolsa ulagyň ölçegini aňladýandygy mälim edildi.
Umuman alanyňda, Toyota juda güýçli batareýaly alty sany elektrik ulagyny tanyşdyrjakdygyny mälim etdi.

düýn 21:15
2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
4.8k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....