90 ýaşly iş dolandyryjy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 14.04.2021 19:08
  • 17k+

Ýasuko Tamaki atly 90 ýaşly ýapon zenany dünýäniň iň garry iş dolandyryjysy hökmünde rekordyň eýesi boldy. Bu barada news.mail.ru habar berýär.

Tamaki 15-nji maýda 91 ýaşyny bellär. Ol 1956-njy ýylda Sunco Industries kompaniýasynda işläp başlady we häzir hem öz wezipesinde işlemegini dowam etdirýär. Tamaki hepdede bäş gün 7 ýarym sagatdan işleýär.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekillerine beren teswirinde Tamaki hemişe işini gowy ýerine ýetirmäge çalşandygyny we başga goşjak zadynyň ýokdugyny aýtdy. Tamaki heniz pensiýa çykmak islemeýändigini hem belledi.

şu gün 14:08
1.1k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler...

şu gün 14:06
278

Scorpions rok topary hakynda "Wind Of Change" baýopiginde oýnajak aktýorlar belli boldy

Germaniýanyň Scorpions rok topary barada ýakynda çykjak terjimehal filmiň esasy aktýorlar düzümi yglan edildi diýip, Deadline habar berýär. Toparyň agzalary bolan Rudolf Şenkeriň, Klaus Maýneniň, German Rarebelliň...

şu gün 13:52
384

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan...

şu gün 13:42
1.8k+

Ägirt “bulut-sunami” Portugaliýanyň kenarlaryndaky adamlary gorkuzdy

Portugaliýanyň asmanynda seýrek atmosfera hadysasy – rulon görnüşli bulut peýda boldy. Bu hadysa Powoa-de-Warzin, Wila-du-Kondi, Figeýra-da-Foş we Owar sebitleriniň kenarlarynda dynç alýan adamlary hem haýran galdyrdy, hem gorkuzdy diýip, Notícias ao Minuto habar berýär...