Koronawirusa garşy “Sputnik Laýt” sanjymynyň täsirliligi 85%-e deň boldy

  • 07.04.2021 17:09
  • 7.6k+

Gamaleýa merkeziniň müdiri Aleksandr Ginsburg edaranyň işgärleri tarapyndan döredilen koronawirusa garşy täze “Sputnik Laýt” sanjymynyň täsirliligine baha berdi diýip, tj.sputniknews.ru habar berýär.

Bu derman serişdesi bir komponentlidir. Bu sanjymyň 21 gün aralygynda iki gezek edilmeli “Sputnik V-den” tapawutlylykda bir gezek goýberilýändigini aňladýar.
“Rossiýa 1” teleýaýlymynyň efirinde Ginsburg “Sputnik Laýt” sanjymynyň lukmançylyk edaralaryny koronawirusly hassalaryň uly akymyndan “halas etmek” maksady bilen döredilendigini aýtdy. Täze derman serişdesi üç ýa-da dört aý möhlet bilen ýokanja garşy immuniteti üpjün eder diýlip çak edilýär. Onuň täsirliligi 85%-e deňdir.

“Eger-de “Sputnik V” sanjymynyň birinji düzüm bölegi bolan “Laýt” warianty ikinji sanjym bolmazdan aýratyn ulanylsa, bu ýokanç bilen kesellemek howpuny 50-60% azaltmaga mümkinçilik berýär” – diýip, Ginsburg aýtdy.

Mart aýynyň ahyrynda bu derman serişdesi Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginde hasaba alyndy. Ol adamyň adenowirus wektorlaryna esaslanýar. Häzirki wagtda sanjym kliniki synaglaryň üçünji tapgyryny geçýär.

düýn 23:10
493

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.3k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....