Täjik şahyry birnäçe abraýly dünýä baýraklaryna eýe boldy

  • 30.03.2021 20:28
  • 7.2k+

Şahyr we terjimeçi Abdukahhor Kosim dürli ýurtlaryň edebiýat jemgyýetçiliginiň wekillerinden abraýly baýraklaryň birnäçesine mynasyp boldy. Bu barada Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, tj.sputniknews.ru habar berýär.

Birbada birnäçe ýurduň wekilleri täjik ýazyjysynyň poeziýa, halklaryň arasynda parahatçylygy we dostlugy berkitmäge goşan goşandyny bellediler. Kosim ekwadorly ýazyjy Edwin Salinasdan «Altyn ýyldyza», Marokkodaky Halkara döredijilik we ynsanperwerlik forumynyň prezidentiniň, Parahatçylyk ilçisi Aziz Muntassiriň, Müsür-Liwan medeni forumynyň medeni geňeşçisi Marlen Paziniň we beýleki şahsyýetleriň hormat hatlaryna mynasyp boldy.
Ondan öň hem şahyr abraýly baýraklara eýe bolupdy. Kosimiň iki sany halkara edebi baýraklary bar – «Serhet parahatçylygy» we «Antuan de Sent-Ekzýuperi». 2021-nji ýylda dünýä medeniýetiniň dokuz şahsyýetine şeýle baýraklar gowşuryldy.
Mundan başga-da, şahyr rus edebiýatynyň ösmegine goşan goşandy üçin «Rus moýa» baýragynyň Sergeý Ýesenin adyndaky rus medalyna hödürlendi.
Ýatlap geçsek, Kosim diňe öz watanynda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem täjik edebiýatynyň tanymal wekilleriniň biridir. Onuň eserleri 15-den gowrak dile terjime edildi.

düýn 19:22
1.1k+

EA Microsoft-a 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga kömek etdi

Emeli aň Microsoft korporasiýasyna soňky bir ýylda koll-merkezleriniň işinde 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, Bloomberg habar berýär. Bu barada maglumaty Microsoft-yň baş täjirçilik müdiri Jadson Oltoff aýtdy...

düýn 19:19
2.9k+

“Muzeýdäki gije” komediýasy täze wakalar we gahrymanlar bilen täzeden düşüriler

20th Century studiýasy meşhur “Muzeýdäki gije” (Ночь в музее) franşizasyny täzeden başlamagyň üstünde işleýär. Täze komediýanyň çykjak senesi heniz belli däl diýip, Variety ýazýar. Sýužet hem gizlin saklanýar, ýöne wakanyň gije eksponatlaryň janlanýan şol bir muzeýinde bolup geçjekdigi belli...

düýn 19:17
942

YouTube EA tarapyndan döredilen kontentiň üsti bilen gazanç etmegi çäklendirer

15-nji iýuldan YouTube emeli aňyň kömegi bilen döredilýän kontentden girdeji gazanmak mümkinçiligini çäklendirmek üçin hyzmatdaşlyk programmasynyň düzgünlerini täzelär. Bu barada kompaniýanyň resminamalaryna salgylanyp, TechCrunch neşiri ýazýar...

düýn 19:15
1.2k+

Ilon Mask ylmy açyşlara ukyply Grok 4 neýroulgamyny hödürledi

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok 4 neýroulgamyny hödürledi. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä, ol öňki wersiýadan on esse kuwwatlydyr. Täze model çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply bolup, PhD derejesinden (ylymlar kandidaty derejesine barabar) ýokary bilim derejesini görkezýär...