«Koka-Kola» 135-nji doglan gününi belleýär

  • 29.03.2021 18:48
  • 10k+

135 ýyl mundan öň şu gün, 29-njy martda meşhur içginiň — «Koka-Kolanyň» taýýarlanyş usuly döredildi. Bilimi boýunça farmasewt bolan Jon Stit Pemberton kellagyryny bejermek üçin derman gözleýär. Munuň üçin ol karamel reňkli üýtgeşik sirop taýýarlaýar. 

Içginiň taýýarlanyş usulyna koka ýapraklarynyň suwy, şeker we kofein giripdi, şonuň üçin içgi ruhlandyryjy görnüşde bolýar. Sirop süýji, goýy bolup, onuň tagamy Pembertona ýaraýar.
Ilkinji sirop dermanhanada stakanyna bäş sentden satylýar. Soňrak içgä gazlandyrylan suwy goşup başlaýarlar. Şol wagtlarda hem içgi «Koka-Kola» (Coca-Cola) adyny alýar.
Pemberton ýogalandan soň, işewür Aza Kendler onuň dul aýalyndan 2300 dollara «Koka-Kolanyň» taýýarlanyş usulyny satyn alýar. 1893-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda «Koka-Kola» söwda belligi ABŞ-da resmi taýdan hasaba alynýar.

düýn 23:22
340

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......