BSGG COVID-19-a garşy sanjym alanlara maslahat berdi

  • 27.03.2021 23:05
  • 16k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID-19-a garşy sanjym alanlaryň özlerini nähili alyp barmalydygy barada maslahatlaryny aýtdy. BSGG sanjym etdiren adamlar, öňküsi ýaly örtük dakynmaly diýip hasaplaýar, sebäbi olar COVID-19 göterijisi bolup biler.

Şeýle maglumatlar bilen BSGG-niň immunizasiýa we sanjym boýunça departamentiniň müdiri Keýt O’Braýen paýlaşdy. Ol beýleki gorag çärelerini hem ýatdan çykarmaly däldigini belleýär diýip, RIA Nowosti habar berýär.

“Derman serişdeleri sizi keselden gorap biler, ýöne siz soň gidip, ony başga birine geçirip bilersiňiz, netijede olar hem kesele garşy sanjym almasa, keselläp biler”.

Şeýle-de, O’Braýen BSGG-de COVID-19-yň täze ştamlaryna garşy döredilen sanjymlaryň täsirliligi barada maglumatyň ýokdugyny, şonuň üçin howpsuzlygyň 100% kepilliginiň ýokdugyny belledi. 

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....