Suwy arassalamagyň «sowuk gaýnatma» usuly oýlanyp tapyldy

Suwy arassalamagyň «sowuk gaýnatma» usuly oýlanyp tapyldy

Sibir Federal Uniwersitetiniň (SFU) alymlary Hytaýdaky kärdeşleri bilen bilelikde senagat galyndy suwlaryny "sowuk gaýnatma" arkaly arassalamagy oýlap tapdylar. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Täze usulda suwuklygyň kawitasiýa gaýtadan işlenilişinden peýdalanylýar. Kawitasiýa - suwda basyşyň duýdansyz üýtgemegi ýüze çykanda köpürjik emele gelmek prosesi. Onuň dowamynda güýçli oksidantlar hökmünde çykyş edýän kislorod we wodorod turşusy bölünip çykýar. Olaryň täsiri astynda agyr metallarda çökündi emele gelýär. Elbetde, bu çökündini ýörite gyrgyç bilen aýyrmak kyn däl. Netijede bolsa, arassalanan suw alynýar.
Bu kawitasiýa prosesi käwagt "sowuk gaýnatma" usuly diýlip hem atlandyrylýar. Alymlaryň bu tehnologiýasy häzirlikçe juda gymmada düşýär. Ýöne hünärmenler onuň uly artykmaçlygynyň bardygyna ynanýarlar. Şeýle hem "sowuk gaýnatma" prosesinde çöken metallary gaýtadan ulanyp bolýandygy nygtalýar.