Google serwerler üçin niýetlenen hususy prosessorlaryny döreder

  • 26.03.2021 18:49
  • 5.2k+

Google kristalyň (SoC) binýadynda serwerleri üçin hususy ulgamlaryny döretmegi maksat edinýär. Munuň üçin kompaniýa eýýäm «Inteliň» öňki işgärini hakyna tutdy diýip, ferra.ru habar berdi.

Bu barada "Google"-yň ulgam infrastruktura bölüminiň wise-prezidenti Amin Wahdat mälim etdi. Onuň sözlerine görä, serwer derejesindäki SoC-i döretmek - "Google"-yň maglumat merkezleriniň enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak boýunça nobatdaky ädimidir.
Ondan öň kompaniýa bu ugurda iş alyp barmak bilen, täze komponentleri enelik platanyň düzümine birleşdirdi. Indi bolsa Google bir çipde birnäçe funksiýany jemlemek isleýär.
Taslama üçin kompaniýa Inteliň weterany Ýuri Franky işe aldy. Ýuri Frank 2016-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli “Core” prosessorlarynyň ösüşine gözegçilik edipdi.
Şeýle hem Google geljekki SoC-lerde ARM ýadrosyny ulanar diýlip çaklanylýar.

düýn 10:51
865

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......