Şähdiňi açýan önümler aýdyldy

  • 24.03.2021 19:06
  • 14k+

Russiýanyň Iýmitleniş we biotehnologiýa federal gözleg merkeziniň lukmany we ylmy işgäri Olga Grigorýan haýsy iýmitleriň adamyň şähdini açyp biljekdigi barada gürrüň berdi. Munuň, ilkinji nobatda, serotoniniň öndürilişini güýçlendirmek arkaly gazanylýandygy anyklanyldy diýip, ferra.ru habar berdi.

Hünärmeniň pikiriçe, serotoniniň öndürilişini güýçlendirmekde şokolad, banan we peýnir has gowy täsir edýär. Şol bir wagtyň özünde, "özüňi gowy duýmak we şähdiň açylmagy üçin belli bir önüme baglanmak hökman däl" diýip, hünärmen aýdanlaryna goşýar. Iň esasysy, dogry iýmitlenmek we sport bilen dowamly meşgullanmak ýeterlikdir.
Gyzykly ýeri, berhiz lukmany Daria Rusakowa serotoniniň öndürilmegine kömek edýän iýmitleriň belli bir çäkden geçmeli däldigini aýtdy. Mysal üçin, süýjini 20-30 gr-dan köp iýmeli däl. Şeýle hem bu iýmitleri günüň birinji ýarymynda iýmek maslahat berilýär.

düýn 20:08
1k+

Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar

Alphabet holdinginiň düzümine girýän Isomorphic Labs kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, düwnük keseline garşy derman serişdesini işläp taýýarlaýar. Bu barada Fortune neşiri habar berýär. Kompaniýanyň...

08.07.2025 17:33
2.7k+

Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýüregiň birden durmak howpuna degişli alamatlary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarýan emeli aň algoritmini işläp düzdüler. Model hassalaryň doly lukmançylyk maglumatlaryny, şol sanda öňki ýürek MRT (magnit-rezonans tomografiýa) barlaglaryny hem seljerýär we ölüm howpuny ýokarlandyrýan dokumanyň, ýagny fibrozanyň bardygyny-ýokdugyny kesgitleýär...

08.07.2025 10:34
2.5k+

Astrahanda hroniki ýaralary, başlary we ýanyklary bitirmek üçin täze gel döredildi

Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlagçylary hroniki ýaralaryň bitmegini tizleşdirýän geli döretdi. Täze serişde zeper ýeten ýerlerde ganyň aýlanmagyny gowulandyrmak arkaly täsir edýär. Bu bolsa bitmeýän ýaralary, ýanyklary we ýatmakdan hamyň ölen ýerlerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir...

06.07.2025 20:51
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine we Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna iş saparyny amala aşyrdy

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Uçuşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy...