Wladimir Putin koronawirusa garşy sanjym aldy

  • 24.03.2021 19:03
  • 15k+

Düýn, 23-nji martda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine koronawirusa garşy sanjym edildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Döwlet Baştutany duşenbe güni sanjym meselesi boýunça geçirilen ýygnagyň dowamynda özüniň sanjym aljakdygyny aýtdy. Şonda ol COVID-19-a garşy döwlet sanjymlarynyň üçüsiniň hem ygtybarlydygyny we netijeliligini aýdyp, sanjymy döredijileri döwlet baýraklaryna hödürlemegi tabşyrdy.
Putiniň çykyşyndan soň, Kremlde prezidentiň sanjymynyň köpçülikleýin çäre bolmajakdygy aýdyldy. Şeýle-de, Kremliň sanjymyň adyny mälim etmejekdigi, sebäbi rus sanjymlarynyň ählisiniň ygtybarly we täsirlidigi bellenildi.
Russiýada koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjym 18-nji dekabrda başlandy, ýöne sanjym 5-nji dekabrdan başlap howp astyndaky toparlardan bolan raýat kategoriýalary üçin elýeterli boldy. Sanjym, esasan, iki komponentli “Sputnik V” arkaly alnyp barylýar. Ol SARS-CoV-2-ä garşy dünýäde ilkinji bellige alnan sanjym boldy.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......