Makgregor bilen Porýeniň arasyndaky üçünji söweş iýul aýynda geçirilip bilner

  • 22.03.2021 08:54
  • 15k+

UFC promouşeniň öňki çempiony Konor Makgregor bilen Dastin Porýeniň arasyndaky söweşi guramaga taýýarlanýar. Söweş 10-njy iýula meýilleşdirilen nobatdaky turniriň esasy wakasy bolup biler. Bu barada ESPN teleýaýlymynyň žurnalisti Ariel Helwani Twitter akkauntynda habar berdi diýip, sport24.ru ýetirýär.

Öň söweşi 15-nji maýda geçirmek islediler, ýene bir sene 12-nji iýun bolupdy. 
Eger-de bu söweş geçirilse, Porýe-Makgregor söweşiniň taryhynda üçünji bolar. 2014-nji ýylda geçirilen birinji söweşde Makgregor ýeňiş gazandy, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen ikinji söweşde Porýe ýeňdi.

şu gün 14:05
2.3k+

“Liwerpul” ÇL-iň taryhynda klubuň iň ýaş oýunçysy bilen professional şertnama baglaşdy

“Liwerpul” häzire çenli Çempionlar ligasynda klub üçin çykyş eden iň ýaş oýunçy bolan Treýmoris Nýoni bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. 30-njy iýunda 18 ýaşyny dolduran güni ýarymgoragçy ilkinji professional şertnamasyny baglaşmaga mümkinçilik gazandy...

şu gün 11:49
3.1k+

Klublaýyn dünýä çempionaty: “Real” “Ýuwentusy” utdy we çärýek finalda “Borussiýa” bilen oýnar

Madridiň “Realy” Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Turiniň “Ýuwentusyny” utdy. Oýun Maýamide geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly 54-nji minutda Gonsalo Torres geçirdi. 1/4 finalda “Real” Meksikanyň “Monterreý” klubuny 1:2 hasabynda utan Dortmundyň “Borussiýasy” bilen duşuşar...

şu gün 11:06
547

Formula-1 Awstriýa Gran-prisini 2041-nji ýyla çenli uzaltdy

Formula-1-de Awstriýanyň Gran-prisi tapgyryň promouteri Projekt Spilberg bilen täze ylalaşyk gazanylandan soň, 2041-nji ýyla çenli uzaldyldy. Muny "patyşalyk ýaryşlarynyň" metbugat gullugy yglan etdi. "Formula-1-iň köp ýyllaryň dowamynda “Red Bull Ringde” galjakdygyna begenýärin...

düýn 18:49
6.7k+

Give me Sport häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçysyny atlandyrdy

Give me Sport iňlis neşiri häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň sanawyny hödürledi. Reýtingde birinji orny “Barselonanyň” ispaniýaly wingeri Lamin Ýamal eýeledi. Ikinji orunda Usman Dembele (“PSŽ”) ýerleşdi...