Russiýa daşary ýurtly talyplara ýurda girmäge rugsat berdi

  • 21.03.2021 17:43
  • 15k+

Russiýanyň Hökümeti daşary ýurtly talyplaryň girişi üçin öňki çäklendirmeleri ýatyrdy diýip, «Izwestiýa» neşiri Ministrler Kabinetiniň buýrugyna salgylanyp ýazýar.

Ýöne häzirlikçe göni okuwa diňe epidemiologiki taýdan «asuda» ýurtlardan gelen talyplara dolanmaga rugsat berler. Daşary ýurtly talyplara Russiýa girmek üçin açyk ýurtlaryň sanawy uniwersitetler tarapyndan «şahsy otaglar», şeýle-de bilim edaralarynyň sosial ulgamlardaky resmi sahypalary we messenjerler arkaly ýetiriler.
Bilim we ylym ministrligi daşary ýurtly talyplaryň giriş tertibini işläp düzdi.
Ýagny, girişe rugsat berlen ýurtlardan bolan talyplar okuw jaýyna meýilleşdirilen senesinden on gün öň okuwa dolanmak isleýändikleri barada habar bermeli bolarlar. Şeýle-de, olar Russiýa barmazdan üç gün öňünden koronawirus üçin PZR barlagyny tabşyrmaly.
Gelenlerinden soň, talyplar gaýtadan barlag tabşyrmaly we koronawirusyň ýoklugy barada netije alýançalar, üzňelikde saklanmaly. Okuw prosesi häzirlikçe garyşyk okuw görnüşinde guralar. Okuw hem onlaýn, hem oflaýn görnüşde geçiriler.
Gaýybana bolmadyk okuw sanitar düzgünleriniň we sosial araçägiň berk berjaý edilmegi bilen alnyp barylýar, respirator keseliniň alamaty bolan talyplaryň sapaklara gatnaşmagy gadagan edilýär diýip, Bilim we ylym ministrligi düşündirýär.

01.07.2025 20:24
7.6k+

Daşkent institutynyň talyplary Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler

25-nji iýun — 4-nji iýul aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler...

29.06.2025 15:30
3.7k+

Türkmenistanyň dünýä dilleri instituty Koreýa Respublikasynyň uniwersiteti bilen Ähtnama gol çekişdi

25-nji iýunda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen çäräniň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi...

28.06.2025 00:50
7.1k+

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň Milli reýting ulgamy we Milli reýtingiň sanly portaly işe girizildi

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň hil görkezijilerini dünýä standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

27.06.2025 23:43
10k+

Türkmenistanda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralary ygtyýarlylandyrylar

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer H.Geldimyradowyň eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralaryny ygtyýarlylandyrmak bilen bagly hödürlän teklibini makullady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi...