Roskaçestwo: Samsung Galaxy S21 Ultra 2021-nji ýylyň iň gowy smartfony

  • 21.03.2021 17:03
  • 14k+

Roskaçestwonyň hünärmenleri 2021-nji ýylyň iň gowy smartfonlaryny yglan etdiler.

Şeýlelikde, Roskaçestwonyň ​​pikiriçe, şu ýylyň iň gowy smartfony Samsung Galaxy S21 Ultra boldy. Hünärmenler enjamyň öndürijiligine ýokary baha berdiler, şonuň netijesinde ol 5-den 3.96 görkeziji bilen birinji ýeri eýeledi. Ikinji orunda Huawei Mate 40 Pro bar, onuň hem öndürijiligi ýokary hasap edildi. Ol sanawda 3,79 bal gazandy. Üçünji orunda OnePlus Nord N10 5 bar.
Şeýle hem smartfonlaryň ilkinji bäşliginde Samsung Galaxy S21+, Samsung Galaxy S21 we Xiaomi Redmi Note 9T ýaly smartfonlar bar.

09.07.2025 13:57
2.3k+

Implant ysmaz syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi

Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler...

06.07.2025 15:43
2.4k+

ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary ammar robotlaryna karton gutularyň, plastmassa gaplaryň içinde ýa-da ýuka diwarlaryň aňyrsyndaky predmetleri ýokary takyklykda kesgitlemäge mümkinçilik berýän mmNorm tehnologiýasyny döretdiler...

05.07.2025 19:13
4.4k+

Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi

Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji  bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär...

29.06.2025 12:54
4.2k+

Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar...