Çempionlar ligasynyň çärýek we ýarym final tapgyrynyň bijeleri çekildi

Çempionlar ligasynyň çärýek we ýarym final tapgyrynyň bijeleri çekildi

UEFA-nyň Nýondaky ştab-kwartirasynda Çempionlar ligasynyň çärýek we ýarym final tapgyrlarynyň bijeleri çekildi. 

Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyry
«Real» – «Liwerpul»
«Bawariýa» – «PSŽ»
«Mançester Siti» – «Borussiýa» Dortmund
«Portu» – «Çelsi»

Ýarym final tapgyrynda «Bawariýa» – «PSŽ» jübütiniň ýeňijisi «Mançester Siti» – «Borussiýa» Dortmund jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
«Real» ýa-da «Liwerpul» ýarym finalda «Portu» ýa-da «Çelsi» bilen duşuşar.
Çärýek final tapgyrynyň birinji duşuşyklary 6/7-nji aprelde, jogap oýunlary 13/14-nji aprelde geçiriler.
Ýarym final tapgyrynyň birinji duşuşyklary 27/28-nji aprelde, jogap oýunlary 4/5-nji maýda geçiriler.
Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 20-nji maýda Stambulda geçiriler.