Çempionlar ligasynyň çärýek we ýarym final tapgyrynyň bijeleri çekildi

  • 21.03.2021 16:35
  • 10k+

UEFA-nyň Nýondaky ştab-kwartirasynda Çempionlar ligasynyň çärýek we ýarym final tapgyrlarynyň bijeleri çekildi. 

Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyry
«Real» – «Liwerpul»
«Bawariýa» – «PSŽ»
«Mançester Siti» – «Borussiýa» Dortmund
«Portu» – «Çelsi»

Ýarym final tapgyrynda «Bawariýa» – «PSŽ» jübütiniň ýeňijisi «Mançester Siti» – «Borussiýa» Dortmund jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
«Real» ýa-da «Liwerpul» ýarym finalda «Portu» ýa-da «Çelsi» bilen duşuşar.
Çärýek final tapgyrynyň birinji duşuşyklary 6/7-nji aprelde, jogap oýunlary 13/14-nji aprelde geçiriler.
Ýarym final tapgyrynyň birinji duşuşyklary 27/28-nji aprelde, jogap oýunlary 4/5-nji maýda geçiriler.
Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 20-nji maýda Stambulda geçiriler.

şu gün 00:24
304

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Gazagystanda geçiriler

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Almaty şäherinde geçiriler. Degişli resminama Milanda Gazagystanyň Milli Olimpiýa komitetiniň (MOK) prezidenti Gennadiý Golowkin we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň başlygy Joan bin Hamad Al-Tani tarapyndan gol çekildi...

düýn 16:36
3.2k+

Canal+ XXI asyryň iň gowy derwezebanlarynyň adyny yglan etdi

Canal+ teleýaýlymynyň žurnalistleri XXI asyryň iň gowy derwezebanlarynyň reýtingini düzdüler. Birinji orny Mýunheniň «Bawariýasynda» oýnaýan nemes golkiperi Manuel Noýer eýeledi. Ikinji orunda Italiýanyň milli ýygyndysynyň we Turiniň «Ýuwentus» toparynyň öňki derwezebany Janluiji Buffon ýerleşdi...

düýn 16:24
1.4k+

Aşgabatda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýurduň ussat küştçüleri kesgitlenildi

Aşgabat şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşyň jemleýji tapgyry rapid we blitz boýunça ýaryşlar boldy we olaryň netijeleri boýunça ýaş türgenleriň arasynda 72 medal paýlandy...

düýn 15:18
7.1k+

Mbappe ejesine ýylda 4,5 million ýewro iş hakyny töleýär

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Madridiň «Realynyň» hüjümçisi Kilian Mbappe her ýyl ejesi Faýza Lamariýä 4,5 million ýewro möçberinde iş hakyny töleýär. Bu barada derbyderbyderby.it portaly habar berýär. Portalyň maglumatyna görä, bu mukdar futbolçynyň girdejisiniň takmynan 30%-ine barabar...