Ömri 25 ýyl uzaltmagyň ýoly aýdyldy

  • 17.03.2021 16:00
  • 34k+

Ýaşlykdan sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek adamyň ömrüni 20-25 ýyla çenli uzaldyp biler. Bu barada Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň hünärmeni Lýubow Drozdowanyň sözlerine salgylanyp, rg.ru habar berdi.

"Sagdyn durmuş ýörelgesine näçe ir eýerip başlasak, ömrümizi şonça-da köp uzaldyp bileris" diýip, TASS Drozdowanyň sözlerini getirýär. Şeýle hem hünärmen bize deregem ata-enelerimiz sagdyn durmuş ýörelgesine eýerse has gowy bolar, sebäbi göwrelilik döwri hem çaganyň geljekde sagdyn durmuş ýörelgesine täsir edýär diýip belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, sagdyn endikler ömrüň dowamlylygyna has köp goşant goşýar. Hatda iň oňat dermanlar we ýokary tehnologiýanyň kömegi bilen hem şeýle netijäni gazanyp bolmaýar.

"Eger-de muny 100%-lik görkeziji boýunça bölseň, sagdyn durmuş ýörelgesi ömrüň uzamagynyň 60-70%-ini düzýär. Şonuň üçin her gezek jadyly gerdejik hakda gürrüň açylanda, ilki bilen sagdyn durmuş ýörelgesini ýatdan çykarmaly däldir"-diýip, hünärmen sözüniň üstüni ýetirýär.

düýn 23:49
211

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....