Biatlon boýunça dünýä çempiony karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi

  • 17.03.2021 07:45
  • 4k+

Çehiýaly biatlonçy Ondreý Morawes Nowe-Mestodaky Dünýä çempionatyndan soň karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

"Hiç zada ökünemok. Uzak ýol geçdim we köp zat pida etdim, ýöne has köp zadam gazandym" - diýip, Morawes aýtdy.

Türgen ilkinji gezek 2001-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony boldy. Umuman, ol şu derejedäki bäş ýaryşa gatnaşyp, 8 baýrak aldy.
36 ýaşly Morawes Soçi-2014 Olimpiýa oýunlarynyň üçüsinde iki kümüş medal (yzarlama ýaryşy we garyşyk estafeta) we mass-startda bürünç medal aldy. Şeýle hem, ol Kontiolahti şäherinde geçirilen 2015-nji ýyldaky dünýä çempionatynda garyşyk estafetada altyn medal gazandy.

şu gün 10:57
495

Bred Pittiň düşen “Formula 1” ýaryş dramasy Apple-iň iň köp girdeji gazanan filmi boldy

Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda düşürilen “Formula 1” filmi 10 günde 293,6 million dollar girdeji gazandy we Apple Studios-yň dünýä kinoteatr prokatynda iň köp girdeji gazanan taslamasyna öwrüldi diýip, Variety ýazýar...

düýn 18:12
6.6k+

Meksika KONKAKAF Kubogynyň finalynda ABŞ-ny utdy

ABŞ-nyň milli ýygyndysy Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň (KONKAKAF) Altyn kubogynyň finalynda Meksikadan 1:2 hasabynda utuldy. Oýun Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirildi...

düýn 11:53
7.9k+

Zenanlaryň arasynda FIDE-niň Kubogynda Türkmenistandan ilkinji bolup Lala Şöhradowa ýaryşa başlady

Türkmenistandan zenan küştçüler ilkinji gezek zenanlaryň Küşt boýunça Dünýä Kubogyna gatnaşýar. Zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady 19 ýaşly Lala Şöhradowa 2025-nji ýylyň 5–29-njy iýuly aralygynda Batumide (Gruziýa) geçirilýän ýaryşa gatnaşýar...

düýn 11:22
1.2k+

“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris Beýik Britaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris 6-njy iýulda Silwerstounyň ýaryş ýolunda geçirilen Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşyň soňky aýlawlarynda Norris 10 sekuntlyk jerime alan topardaşy Oskar Piastriniň pit-stopyndan soň öňdebaryjylyga çykdy...