Beýik Britaniýa koronawirusdan ýogalanlary bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyralar

  • 16.03.2021 14:30
  • 12k+

Beýik Britaniýada koronawirusdan ýogalanlary bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyralamak meýilleşdirilýär. Çäräni 23-nji martda, ýurtda ilkinji karantiniň girizilmeginiň bir ýyllygynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu pikiri Beýik Britaniýanyň hökümet ýolbaşçysy Boris Jonson goldady diýip, vm.ru habar berýär.

Ýurduň ýaşaýjylary ýogalan 125 müňden gowrak ýaşaýjynyň hatyrasyna hormat goýmak üçin şem ýa-da çyra bilen öýleriniň bosagasyna çykmaga çagyryldy. Hatyra güni üçin haýyr-sahawat çärelerini gurnamak hem meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýogalanlaryň hatyrasyna 23-nji martda ybadathana jaňlary ýaňlanar.
Ýurtdaky epidemiologiki ýagdaý gowulaşyp başlandan soň, britan häkimiýetleri ýurt üçin üçünji bolan 4-nji ýanwardan bäri dowam edýän karantini tapgyrlaýyn aýyrmak meýilnamasyny durmuşa geçirip başlady. 8-nji martdan Angliýada mekdepler işe başlady, 12-nji aprelden ýokanjyň ýaýrama depgini ýokarlanmasa, ýurtda dükanlar, dellekhanalar we gözellik salonlary, şeýle-de sport zallary açylar.

düýn 19:45
2k+

Spotify uly tehniki näsazlyk bilen ýüzbe-ýüz boldy

Spotify aýdym-saz hyzmatynyň işinde uly tehniki näsazlyk bolup geçdi, bu bolsa dünýäniň ähli ýerlerinden ulanyjylaryň köpçülikleýin şikaýat etmegine getirdi. Downdetector saýtynyň maglumatlaryna görä, näsazlyklar baradaky habarlaryň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 19:30-da boldy...

düýn 19:07
3.7k+

“San-Hose” galeonyndan ilkinji artefaktlar çykaryldy: hazynanyň bahasy 17 mlrd dollar bahalandyrylýar

Kolumbiýa 1708-nji ýylda gark bolan “San-Hose” ispan galeonyndan (gämisinden) ilkinji artefaktlary çykardy. Bu rowaýaty gämi, gark bolan gämileriň arasynda “Mukaddes Graal” diýlip atlandyrylýar. Häzirki zaman hasaplamalaryna görä, kolonial baýlyklary daşaýan onuň ýüküniň umumy bahasy 17 milliard dollara ýetip biler...

düýn 17:18
1.8k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

düýn 10:23
9.8k+

Türkmenistanda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

15-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Baş arça Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Aýazbabadyr...