Arzuw etmek aňsatmy ýa kyn? Alymlaryň jogaby sizi geň galdyrar

  • 12.03.2021 07:26
  • 22k+

ABŞ-nyň Florida uniwersitetiniň alymlary synag geçirdiler, onuň netijesinde adamlaryň arzuw etmeli bolanda kynçylyk çekýändigi anyklanyldy. Geçirilen synag nähilidir bir ýakymly zat hakda pikirlenmegi haýyş edilende adamyň öz pikirlerinden lezzet alyp bilmeýändigini görkezdi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Synag wagtynda oňa gatnaşyjylardan hiç zat etmän, diňe ýakymly bir zat hakda arzuw etmek haýyş edildi. Munuň adamlarda oňyn duýgulary döretmegine garaşylsa-da, netijede gatnaşyjylar negatiw duýgulary başdan geçirdiler.
Adamlar näme hakda pikir etjegini bilenokdylar. “Ýönekeý”, mysal üçin, doňdurma hakdaky pikir olar üçin boş zat ýalydy. "Çylşyrymly" pikirler bolsa olarda stres döretdi. Mundan başga-da, hiç zat etmezlik içgysgynçlyga sebäp boldy. Käbirleri nädibem bolsa öz pikirlerinden gutulmaga çalyşdylar.
Şondan soň alymlar ýene bir synag geçirdiler. Bu gezek olar synaga gatnaşyjylara oýlanmaly zatlaryň sanawyny berdiler. Şonda adamlar höwes bilen arzuw edip başladylar.
Şeýle hem barlagçylar arzuw etmegi nädip öwrenmelidigi barada maslahatlar berdiler. Olar oýlananyňda lezzet beräýjek birnäçe mowzugy öňünden düzmegiň gowy boljakdygyny aýtdylar. Şeýle hem munuň üçin amatly wagty saýlamaly diýip, alymlar belleýärler.

şu gün 20:40
397

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....

şu gün 20:25
1.6k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

şu gün 20:02
1.6k+

Türkiýede bir aýal ýalňyşlyk bilen 1 kg altyny zibile zyňdy

Türkiýäniň Bursa şäheriniň Ýyldyrym etrabynda ýaşaýan bir aýal içinde takmynan 133 müň dollar gymmatynda bir kilogram altynly poletilen torbany ýalňyşlyk bilen zibile oklady. CNN Türk-üň habar bermegine görä,......

şu gün 16:55
2.9k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......