Ýaponiýa 2011-nji ýyldaky ýer titremesiniň we sunaminiň pidalaryny hatyralady

Ýaponiýa 2011-nji ýyldaky ýer titremesiniň we sunaminiň pidalaryny hatyralady

Şu gün Tokionyň Milli teatrynda 2011-nji ýyldaky ýer titremäniň hem-de sunaminiň pidalaryny hatyralamak dabarasy geçirildi. Pajygaly wakanyň bolup geçenine 10 ýyl boldy. Çäräni Ýaponiýanyň jemgyýetçilik telewideniýesi ýaýlyma berdi.

Däp boýunça ýerli wagt bilen 14:46-da bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi. 2011-nji ýylyň 11-nji martynda şol wagtda Miýagi prefekturasynyň kenarynda 9.0 ball ululykda ýer titremesi hasaba alyndy.
Hatyra çäresine koronawirus sebäpli birnäçe çäklendirmeler girizildi. Oňa 220 adam gatnaşdy, bu san adatdakysyndan dört esse azdyr. Şeýle hem zalda ýokançlygyň ýaýramagyna garşy dürli çäreler geçirildi. Geçen ýyl çäre koronawirus sebäpli ýatyryldy.
Şu ýyl çärä premýer-ministr Ýosihide Suga, imperator Naruhito hem-de onuň aýaly Masako gatnaşdy. Bir minutlyk dymyşlykdan soň hökümet ýolbaşçysy hem-de imperator ýüzlenmelerini okap, pida bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdiler.
2011-nji ýylda ýer titremesi we sunami azyndan 18,4 müň adamyň aradan çykmagyna sebäp boldy, soňrakky ýyllarda ýene 3,7 müň adam başdan geçiren ýagdaýlary bilen bagly agyr kesellerden ýa beýleki sebäplerden ýogaldy. Miýagi, Iwate we Fukusima prefekturalaryna has köp zyýan ýetdi. Fukusimadaky adybir atom elektrik stansiýasynda bolan heläkçiligiň netijeleri Ýaponiýa häzirki wagt hem täsirini ýetirýär.