Çempionlar ligasynyň 1/8 finaly: «Barselona» ýaryşy terk edýär

Çempionlar ligasynyň 1/8 finaly: «Barselona» ýaryşy terk edýär

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby Ispaniýanyň «Barselonasy» bilen deňme-deň oýnady. Pariždäki «Park de Prens» stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Netijede fransuz kluby çärýek finala çykmagy başardy.

Duşuşykda ýer eýelerinden Kilian Mbappe (11 metrlik jerime urgusy, 31-nji minut), myhmanlardan Lionel Messi (37-nji minut) bir pökgini tora girizdi. Belläp geçsek, birinji ýarymda goşmaça wagtda argentinaly oýunçy 11 metrlik jerime urgyny amala aşyryp bilmedi.
Bu klublaryň arasyndaky birinji oýun «PSŽ-niň» 4:1 hasabynda uly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlanypdy. Şeýlelikde, «Barselona» 2006/07 möwsümden bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykyp bilmedi.
Beýleki duşuşykda «Enfild» stadionynda «Liwerpul» «Leýpsigden» 2:0 hasabynda üstün çykdy (birinji duşuşyk 2-0). Gollary Mohamed Salah (70) we Sadio Mane (74) tora girizdi.
Çärýek finalda «PSŽ» bilen «Liwerpulyň» garşydaşlary 19-njy martda boljak bije çekişlikda belli bolar.