Türkmenistan we ABŞ muzeý işi ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

  • 10.03.2021 15:00
  • 5.8k+

9-njy martda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň muzeý işini guramak babatda ýöriteleşdirilen «Gallagher&Associates» kompaniýasyna degişli Smitson institutynyň milli taryh muzeýiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, muzeýleriň hem-de habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahat geçirildi.

Maslahatyň gün tertibine nazary we amaly meseleleriň birnäçesi girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar muzeý işi babatda toplan tejribelerini alyşmak bilen çäklenmän, degişli ugurda hyzmatdaşlygyň möhüm wezipelerini-de ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar milli mirasymyzy öwrenmek we aýawly saklamak, Türkmenistanyň hem-de dünýäniň beýleki ýurtlarynyň muzeýleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça möhüm wezipeleri çözmek babatda teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

şu gün 13:46
1.3k+

Gurtly-Büzmeýin ugry boýunça Toyota Hiace kysymly kiçi awtobusyň gatnawy ýola goýuldy

"Awtomobil Ulag Hyzmaty” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat şäheriniň içindäki “Gurtly – Büzmeýin” ugry boýunça “Toyota Hiace” kysymly kiçi göwrümli awtobuslaryň hereketini ýola goýdy. Bu gatnaw ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga, paýtagtymyzyň degişli ýaşaýyş toplumlarynyň arasynda has amatly we yzygiderli ulag gatnawyny üpjün etmäge gönükdirilendir...

şu gün 13:35
289

Paramount “Nindzýa pyşbagalar” we “Sonik” boýunça täze filmleriň çykjak senesini aýtdy

Paramount studiýasy “Nindzýa pyşbagalar” we “Sonik kinoda” franşizalary boýunça täze filmleriň çykjak senesini aýtdy. Bu barada Deadline habar berýär. “Nindzýa pyşbagalar” boýunça täze film 2028-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, “Sonik” älemi boýunça indiki doly metražly film bolsa bir aý soň, 2028-nji ýylyň 22-nji dekabrynda çykar...

şu gün 13:32
407

Alymlar tüwiniň dykyz topragy “burawlamak” mehanizmini ulanýandygyny anyklady

Halkara biologlar topary tüwiniň köküniň hatda örän dykyz toprakdan nädip ösüp bilýändigini öwrendi. Nature žurnalyndaky ylmy makalada bellenilişi ýaly, ösümlik öz öýjükleriniň gurluşyny üýtgedip, köki özboluşly senagat turbasyna öwürýän aýratyn mehanizmi ulanýar eken...

şu gün 13:30
421

“Forsaž 9-yň” režissýory Jastin Lin Helldivers oýnuny ekranlaşdyrar

“Forsaž 9” filmi bilen tanalýan režissýor Jastin Lin meşhur Helldivers (Dowzaha çümýänler) wideo oýnuny ekranlaşdyrmak bilen meşgullanar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi. Ssenariniň üstünde ozal “Ol” we “Annabeliň näleti” filmleri üçin ssenarileri sazlan Geri Doberman işlär...