Uzak wagtlap oturyp işlemegiň döredip biljek keselleri

  • 08.03.2021 08:10
  • 14k+

Alymlar stoluň başynda, kompýuteriň öňünde ýa-da awtomobilde oturyp, günüňi geçirmekden döreýän keselleri kesgitlediler diýip, popmech.ru belleýär.

Süýji keseli. Ganyň düzümindäki şekeriň derejesi adamyň “oturma” ýagdaýynda näçeräk bolandygyna gönüden-göni baglydyr.
Ýürek-damar keselleri. Awstraliýada 45 ýaşdan 65 ýaş aralygyndaky 63 000-den gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen barlag her gün dört sagat ýa-da ondan az oturanlaryň gipertoniýa, ýürek ýa-da damar keselleri bilen iki esse seýrek keselleýändigini görkezdi. Britaniýada geçirilen barlagyň awtorlary hem 800 müň adamyň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlary öwrenip, şular ýaly netijä geldiler.
Rak keseli. Her gün 6 sagat ýa-da ondan hem köp wagt otursaň, ýogyn içegäniň rak keselinden ýogalmak ähtimallygy 36% ýokarlanýar. Şular ýaly netijä Amerikanyň rak keseli jemgyýetiniň barlagçylary geldiler. Alymlar heniz şeýle baglanyşygyň sebäbini tapmadylar, ýöne olar uzak wagtlap oturmak çişiň ösmegine ýardam edip biljek glýukozanyň we insuliniň derejesine gözegçiligiň ýaramazlaşmagyna getirýär diýip çaklaýarlar.
Ýüregiň ýag tutmagy. Yzygiderli fiziki maşklar içki organlaryň töwereginde emele gelýän ýagy ýakmaga kömek edýär, ýöne bu ýürege degişli däldir diýen netijä Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary geldi. Şonuň üçin ýüregi ýag tutmadan goramagyň iň täsirli usuly, mümkin boldugyndan az oturmakdyr.
Böwrek keseli. Günde üç sagatdan az oturan aýallarda böwrek keseliniň döremek howpy günde sekiz sagatdan köp oturanlara garanyňda, 30% pesdir. Erkek adamlar üçin bu görkeziji 15%-e deň.

düýn 07:29
2.5k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......