Bir günde näçe möçberde duz kabul edip bolýandygyny bilýärsiňizmi?

  • 07.03.2021 17:53
  • 10k+

Berhiz lukmany Andreý Bobrowskiý duzuň bir günde kabul edip boljak iň ýokary zyýansyz möçberi barada aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, uly adamlar günde bäş gramdan köp duz iýmeli däldir. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Bobrowskiý bu möçberiň hut Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri tarapyndan bellenilendigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, köpler bu maslahata äsgermezlik edýär. Lukmanlaryň maglumatlaryna görä, Ýewropada we ABŞ-da ortatap raýat günde, takmynan, 10 gram duz kabul edýär.
Duzuň gündelik kabul ediş möçberinden yzygiderli ýokary geçilmegi käbir keselleriň döremek ähtimallygynyň artmagyna getirip bilýär.
Gynansagam, duzuň aşa köp düşmegi gipertoniýa ýaly ýürek-damar keselleriniň üsti bilen özi hakda ýatladýar. Beýle ýagdaýda duzuň kabul edilýän möçberini azaltmak möhümdir. Ýöne muňa heniz hiç hili mesele ýüze çykmanka başlamak has gowy.

düýn 11:31
3.1k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......