Samsung urga çydamly ortatap smartfon çykardy

  • 07.03.2021 08:13
  • 11k+

Birnäçe aýlap dowam eden myş-myşlardan we çaklamalardan soň “Samsung” urga çydamly ortatap smartfonyny — “Galaxy XCover 5”-i hödürledi. Enjama iň agyr şertlerde çylşyrymly işleri ýerine ýetirmek üçin birnäçe funksiýalar ornaşdyryldy diýip, ferra.ru habar berdi.

Mysal üçin, “Samsung”-yň resmi web sahypasyna görä, smartfon ýokary urgy siňdirişi (amortizasiýasy) sebäpli 1,5 metre çenli belentlikden gaçmaga çydap biler. Şeýle hem, enjam IP68 standartyna laýyklykda tozandan we çyglylykdan goralandyr. Bu onuň suwda 1 metrden gowrak çuňlukda 30 minutdan hem köp saklanyp biljekdigini aňladýar.
“Glove Touch” tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy smartfony ellikli hem ulanmaga mümkinçilik berdi.
Smartfon Exynos850 çipine esaslanýar we RAM hem-de içindäki hemişelik ýat, degişlilikde, 4 we 64 GB barabar. Esasy kamera 16 megapiksel, öňdäki kamera 5 megapiksel. Batareýanyň kuwwaty 3000 mAh bolup, häzirki zaman enjamlarynyň köpüsinden tapawutlylykda, ony aýryp bolýar.

düýn 23:22
396

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.4k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......