Три города могут лишиться права проведения матчей Евро-2020

  • 06.03.2021 19:54
  • 12k+

Bilbao, Dublin we Glazgo 2020-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň oýunlaryny geçirmek hukugyny ýitirip biler. Associated Press agentliginiň maglumatyna görä, zerur mukdarda tomaşaçylaryň stadionlara goýberilmegine kepillik berilmese, UEFA bu üç şäheri turniriň oýunlaryny geçirmekden mahrum edip biler. Muny bombardir.ru ýetirýär.

Şeýle ýagdaýda Glazgodan we Dublinden sekiz oýun Angliýa geçiriler. Ýurtda sanjym işjeň ýagdaýda alnyp barylýar we janköýerleri stadionlara goýbermegiň meýilnamalary eýýäm yglan edildi. Bilbaodaky oýunlar Ispaniýanyň beýleki şäherlerinde geçip biler.
Ýanwar aýynyň ahyrynda UEFA-nyň metbugat gullugy janköýerleri kabul etmegiň mümkin bolan dört ssenariýasynyň üstünde işleýändigini ýazdy: doly münberler, 50-100% doly, 20-30% doly we tomaşaçysyz oýunlar.

“Her şäher UEFA bilen bilelikde 2-3 amatly ssenariýany saýlar we ýakyn hepdelerde degişli meýilnamalary taýýarlar. Haýsy ssenariýany ulanmalydygy baradaky karar 2021-nji ýylyň mart aýynyň başynda her şäher üçin aýratynlykda kabul ediler” – diýip, UEFA habar berdi.

Meýilnama görä, iýun aýyna çenli Ýewro oýunlaryny geçirýän meýdançalar azyndan 50% doly bolmaly. Turniriň gutarnykly formaty aprel aýynda yglan ediler, şonuň üçin UEFA gatnaşyjy şäherlerden hereket meýilnamasyny talap edýär.

вчера 20:28
5.6k+

46-летний Роналдиньо возобновляет игровую карьеру в Италии

Знаменитый бразильский футболист и обладатель «Золотого мяча» Роналдиньо подпишет контракт с итальянским клубом «Равенна», выступающим в Серии С – третьем по значимости дивизионе итальянского футбола. Об этом......

вчера 14:48
8.4k+

Драмы на ЧМ-2026: судейская травма в матче США, вылет сборной Турции и разгром от Бразилии

Групповой этап чемпионата мира 2026 года продолжает преподносить сюрпризы и дарить драматичные сюжеты. В очередной игровой день определились первые команды, которые потеряли все шансы на продолжение борьбы....

вчера 01:00
2.7k+

Магнус Карлсен впервые за 21 год проиграл четыре партии подряд

Норвежский гроссмейстер Магнус Карлсен впервые с 2005 года проиграл четыре партии подряд. Серия поражений произошла на командном чемпионате мира по рапиду и блицу 2026 года в Гонконге....

19.06.2026 19:42
1.3k+

Хэмилтон одержал первую победу в составе Ferrari в Гран-при Формулы-1

Пилот Ferrari Льюис Хэмилтон выиграл Гран-при Испании в Формуле-1....