«Talyp gözeli — 2021» bäsleşiginiň ýeňijisi kesgitlenildi

  • 06.03.2021 08:08
  • 41k+

Aşgabatda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň hem-de Bilim ministrliginiň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan 21 sany dalaşgär «Talyp gözeli — 2021» adyny almak ugrunda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde duşuşdylar. 
Bäsleşik üç tapgyrda geçdi. Birinji tapgyrda oňa gatnaşyjylar döredijilik ukybyny hem-de zehin başarnyklaryny açyp görkezmelidiler. Munuň üçin talyp gyzlar sahna çykyşlaryny taýýarladylar. Soňra eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň aşpezlik ukybyny gözden geçirdiler. Bu tapgyrda talyp gyzlaryň unaş kesmek boýunça ezberligi, tizligi seljerildi. Üçünji tapgyrda bolsa, talyplar çylşyrymly keşde çekmek bilen el işinde ukyplaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň jemleri boýunça baş baýraga hem-de «Talyp gözeli — 2021» adyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Gülnäz Ataýewa eýe boldy. 

düýn 16:51
1.2k+

Merriam-Webster «slop» sözüni 2025-nji ýylyň sözi diýip atlandyrdy

Merriam-Webster amerikan sözlügi «slop» adalgasyny 2025-nji ýylyň sözi diýip ykrar etdi. Ol jikme-jik «ýuwundy» diýlip terjime edilýär, ýöne häzirki günde, esasan, emeli aň tarapyndan döredilen pes hilli kontenti aňlatmak üçin ulanylýar...

düýn 16:35
5.1k+

Arheologlar Müsüriň kenarynda 2000 ýyllyk "ýahta" tapdylar

Ýewropanyň Suwasty Arheologiýa Institutynyň (IEASM) ylmy işgärleri takmynan 2000 ýyl mundan ozal Aleksandriýa portunyň golaýynda gark bolan gezelenç gämisiniň galyndylaryny tapdylar. Gurluşy we maksady boýunça bu tapyndyny häzirki zaman superýahtalary bilen deňeşdirip bolýar...

düýn 15:52
1.6k+

«Köpüň biri» serialy Apple TV-de iň meşhur serial boldy

Täze «Köpüň biri» serialy (Pluribus) Apple TV striming platformasynda iň meşhur serial boldy. Taslama tomaşa sany boýunça platformanyň «Bölünişik», «Ted Lasso» we «Säher şüweleňi» ýaly meşhur taslamalaryndan öňe geçdi...

düýn 12:19
2.9k+

ÝHHG türkmen blogçylary we mazmun döredijileri üçin gysga möhletli okuw geçirdi

ÝHHG-niň Aşgabat merkezinde ýörite ýerli blogçylara we mazmun döredijilere niýetlenen metbugat hem hukuk sowatlylygy boýunça gysga möhletli okuw geçirildi. "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, milli alyp baryjylaryň we halkara Gazagystandan bilermen Adil Jalilowyň gatnaşmagynda geçirilen bu çärede jemgyýetçilik pikirini döredýänleri taýýarlamagyň strategik ähmiýeti nygtaldy...