“Altyn globus-2021” täze antirekord goýdy

  • 05.03.2021 18:22
  • 5.9k+

Ýakynda “Altyn globus” kino baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçirilendigi barada habar beripdik. Bu çäre tomaşaçylaryň gyzyklanmasynyň ýoklugy boýunça rekord netijeleri görkezdi. Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, baýrak gowşurylyş dabarasynyň reýtingi üç esse peseldi diýip, newinform.com belleýär.

“The Hollywood Reporter” žurnaly NBC teleýaýlymynda bu dabarany, takmynan, 5,42 mln tomaşaçynyň görendigini habar berýär. Deňeşdirmek üçin bellesek, geçen ýylky “Altyn globus” dabarasynyň deslapky tomaşaçylary 14,76 mln boldy, ahyryna çenli bu çäre ekranyň öňünde, takmynan, 18,33 mln adamy ýygnamagy başardy. Şeýlelik bilen, bu ýyl tomaşaçylaryň sany ortaça 60% azaldy. 
2021-nji ýylda COVID-19 sebäpli baýrak gowşurylyş dabarasy birbada birnäçe ýerden ýaýlyma berildi. Bu wideonyň hiline täsir edip, käwagtlar bökdençliklere sebäp boldy.
Ýatlap geçsek, “Altyn globus” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 28-nji fewralynda onlaýn görnüşde geçirildi. 

şu gün 00:03
1.1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
974

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......