Redmi kompaniýasy bäş minutda 300 müň smartfon satdy

  • 05.03.2021 18:17
  • 18k+

Redmi kompaniýasy resmi satuwy başlandan bäş minut soň, 300 müň mobil gurluşyny satyp Redmi K40 tapgyrynyň smartfonlarynyň satuw rekordyny goýdy. Bu barada delovoe.tv hytaý brendiniň Weibo sosial ulgamdaky sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Belläp geçsek, bu smartfon hataryna iki model girdi: Redmi K40 we Redmi K40 Pro.
Bu modeller elýeterli bahalary bilen birlikde täsirli aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Mysal üçin, K40 smartfony Snapdragon 870 prosessory, Adreno 650 grafiki tizleşdirijisi, 20 megapiksel selfi kamerasy we 48 megapiksel esasy modul bilen, K40 Pro bolsa Snapdragon 888, Adreno 660 we 64 megapiksel esasy fotosensor bilen üpjün edildi.
Modelleriň ikisinde-de Full HD+ ygtyýarly 120 Gs displeý bar. Şeýle-de, smartfonlar 33 Wt çalt zarýadlanma eýe boldular. 
Bu smartfonuň meşhurlygyny göz öňünde tutup, kompaniýa smartfonlaryň täze tapgyryny ýola goýmagyň senesini eýýäm belli etdi. Satuw 8-nji martda dowam etdiriler.

düýn 23:22
324

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......