GDA-nyň bilermenleri weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdylar

  • 04.03.2021 08:55
  • 5.8k+

Düýn Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň bilermenleriniň iki günlük onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bu duşuşyk weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyga, haýwanlaryň kesellerini öz wagtynda anyklamaga hem-de öňüni almaga gönükdirilen ylmy-barlag maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlanyldy.
GDA döwletlerinde epizootiki ýagdaýlara degişli maglumatlar, COVID-19-yň ýetiren zyýanlaryny azaltmak boýunça geçirilen çäreler hem-de weterinar gullugynyň gözegçiligine degişli ýükleriň eksporty-importy wagtynda bellenen talaplaryň berjaý edilişi barada pikir alşyldy.
Şonuň ýaly-da, Döwlet weterinariýa gullugynyň oba hojalyk hem-de ýabany haýwanlaryň we guşlaryň saglygyny goramakdaky, olarda ýüze çykýan dürli keselleriň öňüni almakdaky, ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän maldarçylyk hem-de guşçulyk önümleriniň, şeýle hem iýmleriň we weterinar derman serişdeleriniň ýokary hilini hem-de howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny bellenildi.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......