Winni Puhy döreden Wladimir Zuýkow aradan çykdy

  • 28.02.2021 17:04
  • 13k+

"Winni Puh" we "Film, film, film" animasion filmleriniň suratkeş-režissýory Wladimir Zuýkow aradan çykdy. Bu barada "Soýuzmultfilm"-iň baş redaktory Sergeý Kapkow özüniň Facebook sahypasynda ýazdy.

"Sowet animasiýasynyň iň görnükli sungat işgärlerinden biri Wladimir Nikolaýewiç Zuýkow aradan çykdy" diýlip, onuň ýazgysynda aýdylýar.

Kapkowyň aýtmagyna görä, 86 ýaşly meşhur animatoryň aradan çykmagyna koronawirus sebäp boldy.
Zuýkow ilkinji bolup sowet Winni Puhunyň suratlaryny çekdi, onuň tagallasy bilen Ýemşijegiň keşbi peýda boldy. Ol biziň çagalykdan bilýän multfilmlerimiziň ählisiniň üstünde işledi.
Animator ýaşan ömründe mekdepde sapak berdi we dürli neşirýatlarda grafikaçy bolup işledi, 1967-nji ýyldan bäri “Soýuzmultfilm” studiýasynyň önümçilik dizaýneri boldy. Zuýkow Fýodor Hitruk, Mihail Ugarow, Nataliýa Golowanowa ýaly tanymal režissýorlar bilen hem işleşdi. Ýeri gelende bellesek, ol birnäçe abraýly baýraklaryň - "Kann" halkara film festiwalynyň, Barselona reňkli film festiwalynyň baýragynyň eýesidir.

25.06.2026 12:37
7.1k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....