Toyota Motor «akylly» şäheriň gurluşygyna başlar

  • 27.02.2021 19:33
  • 14k+

Ýaponiýada iň uly awtomobil gurluşyk korporasiýasy bolan Toyota Motor Fudzi dagynyň eteginde Woven City atly “geljegiň şäherini” gurmaga başlar diýip, echo.msk.ru habar berýär.

Woven City wodorod ýangyjynda işleýän özbaşdak ekosistema bolar. Meýdançada robot tehnikasy, “akylly öý”, emeli intellekt ýaly ugurlarda önümler işlenip düzüler we synagdan geçiriler.
Ilkibaşda şäherde saýlanan 300 adamdan ybarat synag topary we barlag geçirijiler ýaşar. Geljekde ilatyň sanynyň 2 müň raýata çenli köpelmegine garaşylýar.
Ýaşaýyş jaýlaryny adamlaryň durmuşyny mümkin boldugyça rahat etmäge gönükdirilen dürli görnüşli robotlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Emeli intellekt ulgamy “akylly şäheriň” ýaşaýjylarynyň saglygyna gözegçilik eder. 
Ilatyň şäher içindäki hereketi üçin zyňyndylary nol derejede bolan doly awtonom ulaglara rugsat berler. Woven City-de Toyota-nyň awtonom elektromobilleri eltip bermek hyzmaty, daşamak we bölekleýin ykjam söwda üçin ulanylar.

09.09.2025 09:47
2.9k+

Neuralink 2026-njy ýylda ilkinji gezek kör hassa çip goýar

Amerikaly telekeçi Ilon Mask 2026-njy ýylda Neuralink kompaniýasynyň kör hassa görüş implantatyny goýmak boýunça ilkinji operasiýany geçirjekdigini aýtdy. Maskyň sözlerine görä, çip görşi bölekleýin dikelder. Neuralink birnäçe ýyl bäri görşi dikeltmek üçin tehnologiýalary işläp taýýarlamaklyga gönükdirilen Blindsight programmasynyň üstünde işleýär...

05.09.2025 16:58
5k+

Hytaýda bedeniň ýylylygyndan elektrik energiýasyny öndürýän rezin döredildi

Pekin uniwersitetiniň barlagçylary adam bedeniniň ýylylygyny elektrik energiýasyna öwürýän rezin materialy işläp taýýarladylar diýip, South China Morning Post habar berýär. Täze tehnologiýa termoelektrik ýörelgelerine esaslanýar: bedeniň (37° C töweregi) we daşky gurşawyň (20–30 ° C) arasyndaky temperatura tapawudy elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär...

26.08.2025 21:23
2.3k+

Boston Dynamics kompaniýasy Atlas robotyna çylşyrymly başarnyklary özleşdirmegi öwretdi

Boston Dynamics kompaniýasy Atlas modeliniň mysalynda adam şekilli robotlaryň ösüşiniň täze derejesini hödürledi. Indi robot diňe bir hereket etmäge ukyply bolman, eýsem Toyota Research Institute (TRI) bilen bilelikde döredilen uly özüni alyp baryş modelleriniň (LBMs) dolandyrmagynda dowamly we çylşyrymly başarnyklary ýerine ýetirip bilýär...

19.08.2025 14:32
6.8k+

Robot "ene": Hytaýda göwresinde çaga götermäge ukyply Android bar

Hytaýyň Guançžouda ýerleşýän Kaiwa Technology kompaniýasy adam düwünçegini göwrelilikden başlap, dogulýança götermäge ukyply emeli ýatgyly robotyň döredilendigini habar berdi. Önümiň bahasy 14000 dollardan gymmat däl bolup, 2026-njy ýylda bazara çykar diýlip garaşylýar...