Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabady ösdürmegiň täze taslamalary bilen tanyşdy

  • 25.02.2021 16:59
  • 16k+

24-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary  Ş.Durdylyýew taýýarlanan taslamalar, olaryň gurluşyklary, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň bezeg aýratynlyklary barada gürrüň berýän taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. 
Görkezilen taslamalaryň hatarynda «Aşgabat-siti» binagärlik taslamasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap kottežler toplumynyň taslamalary aýratyn orun eýeleýär.
Soňra wise-premýer M.Mämmedowa M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň we açyk sport meýdançasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilen ýadygärligi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada habar berdi. 
Görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda milli Liderimize  “Daşkent” seýilgähiniň, şeýle hem bu ýerde saglygy goraýyş ylmy-kliniki ulgamyna degişli Halkara sagaldyş-dikeldiş, Halkara fiziologiýa merkezleriniň taslamalary barada hasabat berdi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we gurluşyklary ýerine ýetirmegiň tapgyrlary barada hasabat berildi. 
Şeýle hem wise-premýer Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli medeni hem-de köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy. 
Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Ak şäherim - Aşgabat” atly ХХ Halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, medeni köpçülikleýin çäreler, dürli maksatly desgalaryň hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary, sport bäsleşikleri, at çapyşyklar we beýlekiler guralar. 
Hasabatyň çäklerinde dürli maksatly täze desgalaryň we binalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem maglumat berildi.
21-nji maýda “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň telefestiwalyny jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanan nyşanyň işlenip taýýarlanan taslama görnüşleri milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.
Ýokary okuw mekdeplerinde ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän sergileri, maslahatlary we bäsleşikleri geçirmek, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda welosipedli ýörişi, mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri guramak meýilleşdirildi. Şeýle hem “Aşgabat-Ginnesiň rekordlar kitabynda” ady bilen dabaraly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri guralar.
Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşup, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara dabaraly ýagdaýda sylaglaryň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa, paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutarys, şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

şu gün 18:02
417

Ýapon blokbasteri «Godzilla: Minus nol» filminiň ilkinji tizeri çykdy

Internetde «Godzilla: Minus nol» filminiň resmi tizeri peýda boldy. Bu film 2023-nji ýyldaky uly meşhurlyk gazanan blokbasteriň göni dowamy bolup, ol şu ýylyň noýabr aýynda halkara prokatyna çykmaga......

şu gün 17:18
658

Britaniýalylara mugt elektrik energiýasy hödürlener

Şu tomusda Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylaryna elektrik energiýasyny has köp ulanmak üçin şert dörediler. Bu çäre mawy energiýa çeşmelerinden alynýan toguň aşa köpelmegi sebäpli energiýa ulgamyna düşýän agramy......

şu gün 16:01
620

Jeki Çan Italiýada görkeziljek «Turandot» operasynyň režissýory bolar

Dünýä belli aktýor Jeki Çan öz döredijilik ýolunda özüni ilkinji gezek opera režissýory hökmünde synap görýär. Onuň sahnalaşdyrýan meşhur «Turandot» operasy Italiýada geçiriljek 72-nji Puççini festiwalynda......

şu gün 14:21
1.5k+

Atlanta bilen Dubaý dünýäniň iň mähelleli howa menzili boldular

Halkara aeroportlar geňeşi (ACI World) dünýäniň iň köp adamly howa menzil-çatrygynyň täze reýtingini hödürledi. Guramanyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda halkara ýolagçy gatnawy 4 milliarda ýetip,......