Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy

  • 24.02.2021 07:52
  • 6.4k+

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýatynyň atçylyk sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy, dürli aralyklara at çapyşyklarynyň 6-sy hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy guralar. Aşgabat atçylyk sport toplumynda bolsa konkur, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde bolsa atlaryň arasynda uzak aralyga çapyşyk boýunça gyzykly bäsleşikler bolar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni geçiren iş maslahatynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew bu baýramçylyga görülýän taýýarlyk işleri, Mary welaýatynda hem-de paýtagtymyzda guralmagy meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleri we bedewleriň şanyna guraljak dabaralaryň maksatnamasy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” hem-de suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, bezegçileriň, teleoperatorlaryň arasynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda, neşirýat önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriniň çeper keşbini beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň jemleýji gününde bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda türkmen topragynda şöhrat gazanan ýelden ýüwrük ýyndam bedewleriň arasynda at çapyşyklary geçiriler. Şunuň bilen birlikde, sport bäsleşikleriniň maksatnamasyna sahna oýunlary we beýleki çäreler giriziler.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegi, olaryň häzirki taryhy eýýamyň ruhuna kybap ýagdaýda guralmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy. 
Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň çäklerinde sähra giňişliklerinde erkana gezip ýören meýdan atlarynyň häsiýetlerini, olaryň reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, sährada aýry-aýry topar bolup gezip ýören meýdan atlarynyň taryhda näme maksat bilen ulanylandygyny kesgitlemek we bu ýagdaýlary ylmy taýdan öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

şu gün 11:22
2.6k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.6k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.5k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......