Haýwanlara ideg edýän robot döredildi

  • 22.02.2021 15:41
  • 6.1k+

Günorta Koreýanyň “Guru IoT” kompaniýasy öý haýwanlaryna ideg etmek üçin “Peddy” robotyny döretdi. Ol öý eýesi uzak wagtlyk bir ýere gitmeli bolanda has peýdaly bolup biler diýip, pcnews.ru ýazýar.

“Peddy” roboty iti ýa-da pişigi naharlap, adaty bolmadyk şertleri ýüze çykaryp bilýär (mysal üçin, öýdäki temperaturanyň ýokarlanmagy) we eýesine haýwan bilen wideo aragatnaşygyny üpjün edýär. Mundan başga-da, enjam aýdym-saz ýa-da wideo açyp berip, haýwanlary gyzyklandyryp biler.
"Guru IoT"-yň wekili robotyň mundan başga-da emosional täsirleşme funksiýasy bilen enjamlaşdyrylanlygy üçin öý haýwanlaryna az gezelenç sebäpli ýüze çykan depressiýany ýeňip geçmäge kömek edip biljekdigini aýtdy.
Robotyň agramy 3,8 kilograma deň, onuň ölçegleri 302 x 364 x 260 mm. Onda 10,000 mAh akkumulýator ornaşdyrylan. Robotyň bahasy, takmynan, 315 dollar diýip, çeşme belleýär.

düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
4.8k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......