Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna 30 million düýp nahal ekiler

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna  30 million düýp nahal ekiler

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp nahaly ekiler.

10 million düýp nahaly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň häkimligi, 20 million düýp nahaly welaýatlaryň häkimlikleri eker.
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Şeýle hem resminama bilen  Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek hem-de şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.