Türkmenistanda zyýanly şertlerde zähmet çekýän lukmanlara goşmaça hak tölener

  • 09.02.2021 22:43
  • 14k+

Türkmenistanda zyýanlylyk we agyrlyk derejelerine baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän işgärlere goşmaça hak tölener. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine “Aýratyn zähmet şertleri bolan işlerde goşmaça hak bellemegiň we tölemegiň Tertibine” laýyklykda, aýratyn zähmet şertleri bolan işleriň, kärleriň we wezipeleriň sanawyny bellenen tertipde taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwrüň talabyna laýyklykda, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak işlerini dowam etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ilata edilýän hyzmatlaryň, derman serişdeleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmek we hilini ýokarlandyrmak, eneligi hem-de çagalygy goramak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy durnukly saklamak, ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek boýunça zerur işler geçirilýär.
Ýatlap geçsek, geçen ýylda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow «Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş goraglylygyny güýçlendirmek barada» Karara gol çekdi.

26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......