Amerikan alymlary öz energiýasynyň hasabyna hereket edýän robot döretdiler

  • 05.02.2021 10:59
  • 5.3k+

ABŞ-nyň Massaçusets uniwersitetiniň ylmy barlagçylary ösümlikler we haýwanlar ýaly öz energiýasynyň hasabyna hereket edýän roboty döretdiler. Täze oýlap tapyş pružine çalym edýär diýip, inforeactor.ru habar berýär.

Robot döredilende ýyrtyjy ösümlik hasaplanylýan wenera siňektutaryndan (Dioneýa) nusga alyndy. Bu ösümligiň hereket prinsipleri elektrik ýa-da ýangyç energiýa çeşmesi bolmazdan hem hereket edip bilýän enjamyň esasyny emele getirdi. Oýlap tapyjylaryň tagallasy bilen, robotyň özi basgançakdan çykyp bilýär diýip, Nature ýazýar.
Robotyň hereketi daşky gurşaw bilen täsirleşende impuls döredýän materialyň hasabyna amala aşyrylýar. Bu açyş geljekde batareýa ýerleşdirmek kyn ýa-da mümkin bolmadyk kiçi enjamlary döretmekde giňden ulanylyp bilner.

düýn 23:18
442

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
370

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5.1k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....