“Barselonanyň” oýunçysy Serhi Roberto koronawirus üçin 26 gezek položitel barlag berdi

  • 04.02.2021 22:29
  • 6.2k+

“Barselonanyň” goragçysy Serhi Roberto şikes we koronawirus sebäpli iki aýlap meýdança dolanyp bilmedi diýip, Football-Espana saýty habar berýär. Muny sport-express.ru ýetirýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Serhi noýabr aýynda, sag aýagynda myşsa şikesini alanda koronawirus bilen keselledi. Kesel uzak wagtlap aýrylmady: 28 ýaşly futbolçy 26 gezek položitel barlag tabşyrdy we diňe 27-nji gezek otrisatel netijäni görkezdi.
Netijede, Serhi Roberto ilki şikes sebäpli, soňra 21-nji noýabrdan 31-nji ýanwar aralygynda Covid-19 sebäpli meýdança çykmady. Ýanwar aýynyň soňky güni ol Ispaniýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň “Atletik” toparyna garşy (2-1) oýnunda ikinji ýarymyň ortalarynda başga bir oýunçyny çalşyrdy.
Ispaniýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde goragçy sekiz duşuşyga gatnaşdy, olarda bir gezek gol geçirdi we iki netijeli geçirim etdi. Oýunçynyň katalon kluby bilen häzirki şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.

düýn 17:49
8.1k+

Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýly türgen Li Szeçuan bir eli bilen minutda 35 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, ol şol bir wagtda 40 funt (18 kg-dan gowrak) agyrlyk bilen 44 gezek turnik çekip, ýene bir üstünlik gazandy...

düýn 17:19
5.4k+

“Bawariýa” 750 oýundan soň Tomas Mýuller bilen hoşlaşdy

Hüjümçi Tomas Mýuller Mýunheniň “Bawariýasy” üçin soňky oýnuny oýnap, kluby erkin agent hökmünde terk etdi. 5-nji iýulda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “PSŽ-ä” garşy çärýek oýny (0:2) 35 ýaşly germaniýaly üçin klubuň köýnekçesinde iň soňky oýun boldy...

düýn 13:23
7.3k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň petekleri 473 dollardan 13 dollara çenli arzanlady

Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym finaly üçin petekleriň bahasy üç günde 473,9 dollardan 13,4 dollara çenli arzanlady. The Athletic-iň habar berşi ýaly, bu 35 esseden gowrak arzandyr...

düýn 12:51
3.6k+

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek häzirki dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi – bu Gran Chess Tour seriýasyna girýän Zagrebde (Horwatiýa) geçirilen SuperUnited Rapid & Blitz tapgyrynda boldy. Norwegiýaly blitzde ajaýyp oýun görkezip, ýaryşyň jemi boýunça birinji orny eýeledi...