Lancet: synaglaryň üçünji tapgyrynda “Sputnik V” sanjymynyň täsirliligi 91%-den geçdi

  • 03.02.2021 16:59
  • 11k+

“Lancet” ylmy žurnaly Russiýanyň “Sputnik V” sanjymynyň üçünji tapgyr kliniki synaglarynyň netijelerini neşir etdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Birinji we ikinji sanjymy ýa-da plasebo alan 19 866 meýletinçiniň maglumatlarynyň seljermesine esaslanyp, hünärmenler sanjymyň täsirliligi 91,6 % boldy diýen netijä geldiler. 60 ýaşdan uly 2144 meýletinçi üçin sanjymyň täsirliligi 91,8 % bolup, 18-60 ýaş aralygyndaky meýletinçiler toparynda alnan maglumatlardan statistik taýdan tapawutlanmady. 
Barlagyň awtorlary COVID-19 ýagdaýynyň diňe gatnaşyjylaryň kesel alamatlary barada özbaşdak habar berenlerinde ýüze çykarylandygy sebäpli, netijelilik derňewleriniň diňe alamatly COVID-19 ýagdaýlaryny öz içine alýandygyny we sanjymyň alamatsyz COVID-19-da we ýokanjyň geçişinde täsirine düşünmek üçin barlaglary dowam etdirmegiň möhümdigini belleýärler.
Şeýle-de, barlag geçirijiler sanjym keseliň agyr ýagdaýlarynda doly  goraýar diýen netijä geldiler. Netijeler sanjym edilen meýletinçilerdäki antibedenjikleriň derejesiniň kesellän adamlardaky antibedenjikleriň derejesinden 1,3-1,5 esse ýokarydygyny görkezdi.
“Lancet” neşiri dünýäniň iň gadymy we abraýly lukmançylyk žurnallarynyň biri bolup durýar.

10.03.2026 19:18
7.1k+

Alymlar adaty şpris bilen organizme goýberip bolýan «kiçijik bagyrlary» döretdi

Gepatit B we C ýaly bagyr keselleri, köplenç, bagyr ýetmezçiligine getirýär we bu ýagdaýda ýeke-täk çykalga transplantasiýa bolýar. Ýöne donor organlarynyň ýetmezçilik etmegi netijesinde köp hassalar saglyk ýagdaýy sebäpli hatda operasiýa garaşýanlaryň sanawyna-da girip bilmeýär...

10.03.2026 10:33
5.7k+

Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy

Alymlar aşgazanasty mäziň ragynyň himiýaterapiýa garşy durnukly bolmagyna kömek edýän mehanizmi anykladylar. Geçirilen barlaglar belli bir genetik üýtgeşmeleriň täsirinde çişiň has agressiw ýagdaýa geçip bilýändigini görkezdi...

09.03.2026 17:03
1.3k+

Alymlar Rett sindromyny bejermegiň has ygtybarly usulyny tapdylar

Amerikaly molekulýar biologlar Rett sindromyna sezewar bolanlaryň beýni öýjüklerinde MECP2 belogynyň işlenip çykarylyşyny takmynan 60% ýokarlandyrýan täze bejeriş usulynyň nusgasyny işläp düzdüler. TASS agentliginiň Beýlor lukmançylyk kollejiniň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu açyş käbir genetik bejergilere garanyňda has ygtybarly we howpsuz bolar...

09.03.2026 15:18
2k+

Alymlar şokoladdan dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan bal ýasadylar

Braziliýaly alymlar antioksidantlara baý bolan täze bir önümi — şokoladly baly döretdiler. Bu täsin iýmitiň esasy düzümi şokolad önümçiliginiň galyndysy bolan kakao gabyklaryndan emele gelýär. Science Daily žurnalynda...