BSGG: COVID-19 hadysalary eýýäm üç hepde bäri azalýar

  • 03.02.2021 15:08
  • 11k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus dünýäde koronawirus bilen keselleme ýagdaýynyň bassyr üçünji hepde azalýandygyny habar berdi. Şeýle-de bolsa, ol ýurtlaryň pandemiýa garşy göreşde berk çärelerden ýüz öwürmeginiň entek irdigini duýdurdy. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

Ženewada geçirilen metbugat brifinginde Gebreýesus kesel ýagdaýynyň azalmagyny “umyt beriji habar” diýip atlandyrdy we munuň COVID-19 pandemiýasyny häzirki çäreleriň kömegi bilen saklap boljakdygyny görkezýändigini aýtdy.

“Şeýle-de bolsa, biz bu zatlary eýýäm başdan geçirip görüpdik. Ýurtlar örän tiz açylyp, adamlar hüşgärligi gowşadyp, wirusyň gaýdyp gelmegine mümkinçilik berdiler” – diýip, Gebreýesus aýtdy.

Belläp geçsek, tutuş dünýäde koronawirus bilen kesellemegiň tassyklanan ýagdaýy 102 milliondan geçdi, 2,2 milliondan gowrak adam ýogaldy.
Kesellileriň sany boýunça ABŞ lider bolmagynda galýar – 25 milliondan gowrak adam. Ikinji orunda Hindistan (10,7 milliondan gowrak), üçünji orunda Braziliýa (9 milliondan gowrak), dördünji orunda Russiýa (3,8 milliondan gowrak), bäşinji orunda Beýik Britaniýa (3,7 milliondan gowrak) ýerleşýär.

26.06.2026 11:31
3.8k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.9k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......